Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, şeýle hem ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlarda ýokary işjeňlik hasaba alyndy. Resmi maglumatlara görä, sagat 19-a çenli saýlawçylaryň gatnaşygynyň derejesi ähli ugurlar boýunça 90 göterimden ýokary boldy.
Hususan-da, täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 91,14 göterim, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda 92,26 göterim, welaýat hem-de Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 91,47 göterim, etrap we şäher halk maslahatlarynyň
agzalarynyň saýlawlarynda 91,06 göterim, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa 91,20 göterim saýlawçy ses berdi. Bu görkezmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşdaky işjeňligini we saýlawlara bolan ýokary gyzyklanmasyny aýdyň görkezýär.
Lebaplylaryň 90 göterimden gowragy saýlawlara işjeň gatnaşdy
30
Mar

