Ýylyň ahyrynda Lebap welaýatynyň zähmetde we döredijilikde öňdebaryjy raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglanmak mertebesi garaşýar.. çünki 9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle medaly we ýadygärlik nyşanyny döretmek babatynda degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.
Gahryman Arkadag şol gün Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de
2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi.
Onuň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, geçiriljek çäreler bilen bagly ýurduň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, şeýle hem ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmelidigini belledi.
Lebaplylara ýene bir ýubileý medalyna mynasyp bolmak bagty garaşýar

10
Jan