Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Türkmenabat şäher şahamçasy müşderilerine «Goýum bank karty» atly bank hyzmatyny hödürleýär.
Bu barada welaýat neşirinde berlen bildirişde goýumyň ýyllyk 6,5 göterimlik girdeji getirýändigi aýdylýar.
Bu hyzmat müşderilere karty islän wagtynda çäklendirilmedik möçberde nagt pul serişdeleri bilen dolrumaga we yzyna almaga, nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge, «Altyn Asyr» karly töleg ulgamynda ýola goýlan hyzmatlary, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, şäher telefon ulgamynyň töleglerini tölemäge amatlylyklary berýär.
«Goýum bank kartyny» açmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjieçilik bankynyň Lebap welaýatynyň etrap-şäherlerindäki şahamçalaryna ýüz tutup we degişli maslahatlary şahamçalaryň hünärmenlerinden alyp bilersiňiz.
Lebaplylar ýyllyk 6,5 göterim girdejili bank hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrylýar

04
Jul