JEMGYÝET

Lebaplylar «Petronas» kompaniýasynda işlemek mümkinçiligini synag edip görüp bilerler

Malaýziýanyň nebit-gaz kompaniýasy bolan Petronas, Türkmenistanda iki wezipe üçin: Gyýanly obasynyň barlaghanasynyň tehniki işgäri we Aşgabatdaky kreditor we debitor bergileri boýunça kömekçisi wezipeler boýunça işgär kabul edýändigini yglan etdi: Bu barada "Neýtralnyý Türkmenistan" habar berýär. Kompaniýa 2-5 ýyllyk iş tejribesi bolan we iňlis, türkmen we rus dillerini erkin bilýän hünärmenleri gözleýär.

Barlaghana tehniki işgäri wezipesi üçin hünär okuw mekdebiniň ýa-da tehniki kollejiň şahadatnamasy we nebit-gaz pudagynyň barlaghanasynyda iş tejribesi talap edilýär. Dalaşgär MS Office programmalary bilen işlemäni başarmaly. Kreditor we debitor bergileri boýunça kömekçi wezipesi üçin kompaniýa buhgalterçilik we maliýe ugry boýunça şahadatnamasy hem-de degişli ugurda iş tejribesi bolan hünärmeni gözleýär. SAP we MS Office programma üpjünçiligini bilmek möhüm talap bolup durýar. Gyzyklanýan dalaşgärler anketalary https://shorturl.at/epCP2 salgysy arkaly ýa- da Petronas-yň Aşgabatdaky ofisinden alyp bilerler. Doldyrylan anketalary bildiriş çap edilenden soň iki hepdäniň dowamynda tabşyrmaly.

Kompaniýa diňe wezipeleriň talaplaryna laýyk gelýän ökde dalaşgärleri söhbetdeşlige çagyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: