Bu sowala Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýty jogap berýär:
Şu ýylyň 1-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Lebap welaýatynda Türkmenistanyň
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň kartlary has köpçülikleýin ulanylýar.
Welaýatda bu bankyň kartlaryny peýdalanýan müşderileriň sany 454 müň 261 adama ýetýär. Bu bolsa welaýatda ähli ulanylýan bank kartlarynyň deň ýaryna
golaýydyr.
Sanawda ikinji orunda «Halkbank» PTB bar. Gündogar sebitde bankyň
hödürleýän kartlarynyň 206 müň 507-si işjeň ulanylýar. Ilkinji üçlügi 130 müň
525 kart bilen «Türkmenbaşy» PTB çekýär.
Şeýle hem welaýatda «Türkmenistan» DTB-niň 124 müň 268, «Senagat» PTB-
niň 41 müň 536, «Rysgal» PTB-niň 21 müň 284, «Türkmen-Türk» PTB-niň bolsa 3 müň 891 karty işjeň ulanylýar. Welaýatda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hödürleýän kartlaryndan ýekeje-de işjeň kart ýok.
Lebaplylar haýsy bankyň kartlaryndan köp peýdalanýarlar?

24
Dec