«Watan» gazetiniň redaksiýasy hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilelikde «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler.
Bäsleşige hödürlenýän işlerde berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitiň we dünýäniň parahatçylykly ösüşlerine, halklaryň ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän täsirleri, gözel tebigatymyza söýgi hem-de hormat, ýurdumyzda «ýaşyl» ösüşe gönükdirilen işler şöhlelendirilmeli.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmaly. Hödürlenjek eserleri «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek» diýen ýazgy bilen watan@sanly.tm elektron poçtasyna 19.09.2025 senesine çenli ibermeli.
Bäsleşigiň jemi 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary, baýraklar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 38-61-06; 94-03-26.
Lebaplylar ekologiýa ugurly döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

01
Jul