JEMGYÝET

Lebaplylar Awazadaky okuw maslahatyna gatnaşýarlar

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat
birleşmesiniň guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha
kuwwatlanýan ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň rowaçly ösüşleriniň
ýolundaky tagallalary» ady bilen göçme okuw-maslahaty geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň welaýat,
etrap birleşmeleriniň işgärleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji
guramalarynyň başlyklarynyň, işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän maslahatyň esasy maksady kärdeşler arkalaşyklarynyň işini guramakdan we kämilleşdirmekden ybarat bolup, möhüm meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Maslahatyň dowamynda bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň täsirli çykyşlary we teklipleri diňlenilýär, sowal-jogaplar alşylýar.
Şeýle-de maslahatyň dowamynda ýörite meýilnama laýyklykda medeni-sport
çäreleri, Awazanyň gözel ýerlerine gezelençler guralýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: