MEDENIÝET

Lebaplylar 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gatnaşar

Lebap welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleri 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde mälim etdi.
Ýurdumyzda şu ýyl Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirildi. Geljek ýylda bolsa Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler diýip, Arkadagly Gahryman Serdar aýtdy hem-de döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmegi, döredijilikli zähmet çekmegi üçin mundan beýläk-de ähli şertleriň dörediljekdigini nygtady.