Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi «Dünýä edebiýaty» žurnaly bilen bilelikde resmi saýtynda («Turkmentv.gov.tm») welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň jogapkär kätibi Agageldi Italmazowyň terjime eden kitaplarynyň ikisini Türkmenistanda iň köp isleg bildirilýän terjime ederleriniň ilkinji 10-lugynyň hatarynda ses berlişige goşdy.
Has takygy, 10 kitabyň arasynda lebaply žurnalist tarapyndan terjime edilen «Şu kitaby okap görüň, mugallym!» we «Durmuş gurmazdan ozal» atly kitaplar bar. Bu eserleriň ikisi hem «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap edildi.
Lebaply žurnalistiň terjime eden kitaplaryna ses bermek üçin 0530 gysga belgä «461» we «463» ýazyp, SMS ugratmaly. Şu habar taýýarlanylýança, «Şu kitaby okap görüň, mugallym!» atly esere 23, «Durmuş gurmazdan ozal» atly esere bolsa 17 ses berildi. Häzir bu kitaplar, degişlilikde, 5-nji we 6-njy orunlary eýeleýär.
Ses berlişik 31-nji marta çenli dowam eder.
Lebaply žurnalistiň terjime eden kitaplary Türkmenistanda iň köp okalýan terjime kitaplarynyň ses berlişigine goşuldy
26
Feb
