MEDENIÝET

Lebaply žurnalist Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat teleradiostudionyň III derejeli gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlanjysy Näzik Jomartowa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy. Oňa bu baýrak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli düýn ― 16-njy noýabrda Aşgabat şäherinde gowşuryldy.
Näzik Jomartowa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
uçurymydyr. Ol 2019-njy ýyldan bäri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde teleradio žurnalistiniň işini alyp barýar. Öz işinde barha tejtibe toplap, kämilleşýän žurnalist gyz milli teleýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri taýýarlaýar.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna 135 adam mynasyp boldy. Şolaryň 9-sy Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarydyr.