MEDENIÝET

Lebaply zergärler hormatly adyň eýesi boldular

Lebap welaýatynyň zergärleriniň ikisi ― Saýat etrabyndaky 28-nji orta
mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa, Hojambaz etrabynyň Döwletli
şäherçesiniň medeniýet merkeziniň suratkeş bezegçisi Hemra Taganow «Çeper döredijiligiň halk ussady» diýen hormatly adyň eýesi boldular. Bu at her ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan pederlerimizden gelýän el işlerimizi häzirki günlerde hem kämil derejede dowam etdirýär, bu işlere ýaş nesle geçirmekde uly tagalla edýän ildeşlerimize berilýär.
Lebaply zergärler hormatly at bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde guran «Halk ussalary — çeper döredijiligiň ussatlary» atly maslahatynyň çäklerinde sylaglanyldy.
Lebaply zergärlerden daşary hem ýurduň beýleki sebitlerinde ýaşaýan, işleýän zergärleriň hem 8-si bu hormatly adyň eýesi boldular.