JEMGYÝET

Lebaply zenanlaryň Çärjew (Türkmenabat) — Aşgabat atly ýörişini geçirenine 90 ýyl doldy

Türkmenistanyň atçylyk sungatynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýän wakalaryň biri — lebaply gyzlaryň Çärjew — Aşgabat atly atly ýörişini amala aşyranlaryna şu ýyl 90 ýyl dolýar. 1936-njy ýylda Çärjew we Farap etraplarynyň daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän 18 — 23 ýaş aralygyndaky 12 gyz saýlanyp alnyp, olar meýdan işleriniň hatarynda at çapmagy, atlary seýislemegi we olara ideg etmegi öwrenipdirler. Bu ýörişi lebaply gyzlar türkmen ýaşlarynyň VII gurultaýyna bagyşlapdyrlar.
Doly taýýarlykdan soňra topar 1936-njy ýylyň 2-nji fewralynda ýolugra çykyp, 587 kilometr aralygy iki hepdäniň dowamynda geçipdir. Ýoluň 220 kilometri Garagum sährasynyň ürgün çägeliginiň üstünden geçendigine garamazdan, şir ýürekli zenanlar ruhdan düşmändirler. Atly ýörişe gatnaşan gyzlar 15-nji fewralda, gurultaýyň başlanýan gününde Aşgabat şäherine baryp ýetip, dabaraly ýagdaýda garşy alnypdyr. Bu taryhy ýöriş türkmen zenanlarynyň merdanalygyny we türkmen bedewleriniň çydamlylygyny aýdyň görkezýän şöhratly sahypalaryň biridir.