Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde edara-kärhanalarda zähmet çekýän eli çeper tikinçi zenanlaryň arasynda «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşige deslapky tapgyrlarda üstünlikli çykyş edip, öňe saýlanmagy başaran zenanlar gatnaşdylar.
Halkymyzyň tikinçilik sungaty bilen bagly edim-gylymlarynyň wagyz edilmegini, bu ugurda zähmet çekýän zenanlaryň hünär ussatlygyny ýüze çykarmaklaryny we kämilleşdirmeklerini maksat edinen bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ezber tikinçiler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar tikinçilik sungatynyň ene-mamalarymyzdan galan milli mirasdygyny, onuň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini ýene bir ýola görkezdiler.
Bäsleşikde biziň welaýatymyzdan wekilçilik eden eli çeper zenanlar üçünji orna mynasyp boldular.
Lebaply zenanlar hünär bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşdylar

15
Feb