JEMGYÝET

Lebaply zenanlar ABŞ-yň ilçihanasy tarapyndan geçirilýän telekeçilik maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmenabat şäherindäki Amerikan burçunda «Zenan telekeçileriň akademiýasy» atly maksatnama badalga berildi. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanyň ilçihanasynyň metbugat gullugy «Jeyhun.news»-a ýörite hat bilen habar berdi.

Türkmenabatdan başga-da, Aşgabatdaky Amerikan merkezinde we Daşoguz we Mary Amerikan burçlarynda hem ýaýbaňlandyrylan bu taslama Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Ol telekeçi aýal-gyzlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur bilimleri, aragatnaşyklary we elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirlen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasydyr.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesiniň ýolbaşçysy Ýuriý Aronskiý Aşgabatda geçirilen dabara gatnaşdylar. Ilçi Klimow öz çykyşynda: «Türkmen zenanlarynyň Ýer ýüzünden aýal-gyzlaryň 25 müňden gowragyny öz içine alýan bu maksatnama gouşýandyklaryna begenýäris. Bu maksatnama gender deňligine we ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegine bolan ygrarlylygymyzyň subutnamasydyr. Dogry goldaw we çeşmeler bilen ykdysadyýeti üýtgedip, jemgyýetleri ösdürip we geljekki nesillere ylham berip biljek zenan telekeçileriň ulanylmadyk mümkinçiligine bolan ynanjymyzyň aýdyň beýanydyr» diýdi.

Öňümizdäki aýlarda, maksatnama gatnaşyjylar Arizona Döwlet uniwersitetiniň «Thunderbird» Bütindünýä Dolandyryş mekdebi tarapyndan işlenip düzülen onlaýn işewürlik kursuny tamamlarlar, hepdelik şahsy sapaklara gatnaşarlar we biznes meýilnamasyny düzerler. Soňra bu meýilnamalar 2024-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda meýilleşdirilýän jemleýji çärede görkeziler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: