«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan edýär. Bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän eserlerde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda netijeli zähmeti bilen ýaşlara görelde bolýan, ýurduň ösüşlerine goşant goşýan döwürdeş zenanlara, uzak ýaşly enelere, milli sungaty, çeper el işlerini ýaşlara öwretmekde tapawutlanýan zenanlara bagyşlanan makalalar we oçerkler bolmaly.
Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär we işlerini «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan_gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Işler we awtor baradaky maglumatlar 1-nji marta çenli hasaba alnar we bäsleşik Halkara Zenanlar güni mynasybetli jemlener. Ýeňijilere Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-94.
Lebaply zenan žurnalistler Türkmenistanyň baş neşiriniň geçirýän bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
20
Jan
