TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply zenan Ýylyň telekeçisi ― 2020 bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

«Saglyk» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, lebaply hususyýetçi Zerhal Narmämmedowa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň telekeçisi ― 2020» bäsleşiginiň «Ýylyň telekeçi zenany» ugry boýunça ýeňiji boldy.
Ol bu ugruň baýragyny Daşoguz welaýatyndan Baýramgül Ýagmyrowa, Marydan Oguloraz Hudaýgulyýewa, Ballkan welaýatyndan Baýramgül Aşyrowa we Ahal welaýatyndan Aýgözel Toýçyýewa bilen paýlaşdy.
Ýeri gelende aýtsak, bäsleşigiň ýeňijileri TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan köpugurly serginiň jemleýji gününde yglan edildi. Bäsleşige 170-den gowrak hususyýetçi gatnaşyp, 13 ugur boýunça olaryň 74-si dürli baýraklara mynasyp bolmagy başardylar.
«Saglyk» hususy kärhanasynyň döwrebap dermanhanalary Türkmenabat şäherinde hereket edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply