Küşt boýunça Türkmenistanyň aýallar arasynda geçiriljek Ýokary liga ýaryşyna gatnaşjak zenan küştçüleriň düzümi kesgitlenildi. Birinji liganyň jemleri we öňki üstünlikler esasynda Lebap welaýatyndan dört zenan küştçi Ýokary ligada çykyş etmek hukugyna eýe boldy. Bu ýagdaý welaýatda zenanlar küştiniň yzygiderli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýokary ligada Lebap welaýatynyň adyndan Mähri Agamyradowa, häzirki Ýokary liganyň çempiony Jahan Rejebowa, Küşt federasiýasynyň kubogynyň üsti bilen saýlanan Gülmira Seýilhanowa, şeýle hem Lebap welaýatyndan bolan, häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim alýan Lala Şöhradowa çykyş eder. Aşgabadda geçiriljek bu ýaryşyň netijeleri boýunça zenanlar milli ýygyndysynyň düzümine saýlanjak küştçüler kesgitlener.
Lebaply zenan küştçüleriň dördüsi Ýokary ligada ýaryşar
28
Jan
