SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply zenan küştçi Türkmenistanyň iň güýçli erkek küştçüleriniň arasynda ýaryşar

Küşt boýunça Türkmenistanyň erkekler arasynda geçiriljek Ýokary liga ýaryşyna gatnaşjak türgenleriň düzümi Birinji liganyň netijeleri esasynda kesgitlenildi. Bu sanawa Lebap welaýatyndan birnäçe küştçi girizildi. Olaryň arasynda Birinji liganyň ýeňijisi Gurbanmyrat Rustemow bilen bir hatarda öňden Ýokary ligada çykyş edip gelýän tejribeli lebaply küştçi Ilhan Çaryýew hem bar.
Şeýle-de Ýokary ligada Lebap welaýatyndan bolan, häzirki wagtda Aşgabat şäherinde talyp bolup bilim alýan Wepaly Halnyýazow hem-de Leýla Şöhradowa çykyş eder. Bu ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň erkekler milli küşt ýygyndysynyň düzümine saýlanjak türgenler kesgitlener. Birbada birnäçe lebaply küştçiniň Ýokary ligada çykyş etmegi welaýatda küşt sportunyň ýokary derejede ösdürilýändigini görkezýär.