Robototehnika boýunça Lebap welaýatynyň ukyply ýaşlary Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýän bäsleşige gatnaşmaga
çagyrylýar. Ýaşlar guramasynyň web-saýtynda habar berilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda paýtagtymyzda robototehnika ugrundan zehinli okuwçylary ýüze çykarmaga we goldamaga gönükdirilen “Ýaş robototehnikaçy” atly bäsleşik geçiriler.
Bäsleşige Türkmenistanyň ähli künjeginden umumy bilim berýän mekdepleriň
7-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler. Çäre ýurdumyzyň Jemgyýetçilik
guramalarynyň merkezi binasynda geçiriler.
Gatnaşyjylar 23.11.2024 senesine çenli
http://(https://forms.gle/exCfb7BCqR5gUxKDA) gysga salgynyň üsti bilen öňünden ýazylmalydyrlar.
Lebaply zehinli ýaşlar robototehnika boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
13
Nov
