BIZE YAZYARLAR

Lebaply zehinli okuwçylar halkara bäsleşiklere taýýarlyk sapaklaryny geçdiler

Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2026-njy ýylyň mart aýyndaky «Halkara olimpiadalaryna mekdep okuwçylaryny taýýarlamak hakynda» 100 belgili buýrugyna laýyklykda, 24–28-nji mart aralygynda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň binýadynda halkara olimpiadalaryna taýýarlyk okuwlary geçirildi. Bu okuwlara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, şol sanda Lebap welaýatyndan saýlanan 8–12-nji synp okuwçylarynyň 63-si gatnaşdy. Taýýarlyk sapaklarynyň esasy maksady zehinli okuwçylary fizika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa we astronomiýa dersleri boýunça halkara bäsleşiklere ýokary derejede taýýarlamakdan ybarat boldy.
Okuwlaryň dowamynda sapaklary Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli mugallymlary alyp bardy. Gatnaşyjylar dürli dersler boýunça halkara olimpiadalarynyň meseleleri bilen tanyşdyrylyp, olary çözmegiň usullaryny özleşdirdiler. Her bir tema boýunça okuwçylaryň bilim derejesi barlag işleri arkaly bahalandyryldy.
Biologiýa dersi boýunça taýýarlyk sapaklarynda okuwçylara molekulýar biologiýa, genetika, mikrobiologiýa, ösümlikleriň we haýwanlaryň fiziologiýasy ýaly möhüm ugurlar boýunça giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle hem himiýa dersinden halkara olimpiadalaryna degişli meseleler öwredilip, himiki hasaplamalar, erginler, gazlar, atom we ýadro himiýasy boýunça amaly sapaklar geçirildi.
Geografiýa dersi boýunça taýýarlyk okuwlarynda fiziki we ykdysady geografiýa, kartografiki hasaplamalar hem-de dünýä belli geografik açyşlar boýunça sapaklar alnyp baryldy. Okuwçylar halkara olimpiadalarynda ulanylýan amaly ýumuşlar bilen tanyşyp, olary ýerine ýetirmegiň usullaryny özleşdirdiler.
Taýýarlyk sapaklarynyň çäklerinde okuwçylar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we taryhy ýadygärliklerine gezelençler hem guraldy. Döwlet muzeýinde we «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gezelençler ýaşlarda watansöýüjilik duýgularyny güýçlendirip, olaryň taryhymyza we milli mirasymyza bolan gyzyklanmasyny artdyrdy.
Geçirilen taýýarlyk okuwlary zehinli mekdep okuwçylarynyň halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmegine şert döretmek bilen bir hatarda, olaryň ylma bolan höwesini ýokarlandyrdy. Şeýle çäreler ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda hem-de olaryň halkara derejesinde ýurdumyzyň abraýyny mynasyp goramagyna giň mümkinçilik açýar.

Nurana BAÝRAMOWA,
Farap etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.