BIZE YAZYARLAR

Lebaply zehinler informatika, himiýa we rus dili boýunça öňe saýlandy

«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň netijelerine görä, Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary iň köp baýrakly orunlary informatika dersi boýunça eýelediler. Bu ugurda lebaply okuwçylaryň hasabyna 10 orun düşdi. Ondan soňra himiýa we rus dili dersleri gelýär, bu ugurlaryň hersinde 9 orun gazanyldy.
Şeýle-de lebaply okuwçylar fizika we geografiýa boýunça 7-den, biologiýa hem-de matematika boýunça 6-dan, taryh boýunça 5, iňlis dili boýunça 4, astronomiýa boýunça 3, türkmen dili we edebiýat boýunça bolsa 2 orun eýelediler. Bu bolsa welaýatda, aýratyn-da, takyk we tebigy ugurly dersler bilen birlikde dil dersleriniň hem güýçli taýýarlyga eýedigini tassyklaýar.

Gülzada TOÝEWA,
Farap etrabyndaky 10-njy orta mekdbeiň mugallymy.