Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu ýylky pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirip, kabul ediş nokatlaryna 1010 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar. Üstümizdäki ýylda welaýat boýunça ýüpekçi hojalyklara 27 müň 656 guty gurçuk tohumy paýlanylyp berildi, ýüpekçi hojalyklaryň 22 müň 709-sy bilen şertnama baglaşyldy.
Pile taýýarlamak möwsüminde ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp baryldy. Etraplar boýunça iň ýokary görkeziji Çärjew etrabyna degişlidir. Bu etrabyň ýüpekçileri 173 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar. Şeýle hem Dänew etrabynda 140 tonnadan, Halaç etrabynda 146 tonnadan, Saýat etrabynda bolsa 132 tonnadan gowrak pile taýýarlanyldy.
Şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigine garamazdan, welaýatda pile kabul ediş işleri dowam edýär. Tabşyrylan pile senagat üçin gymmatly çig mal hökmünde ýüpekçilik pudagynyň önümçilik binýadyny berkitmäge gönükdiriler.
Lebaply ýüpekçiler pile borçnamasyny amal etdiler
25
May

