SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply ýörite türgenler milli ýaryşyň ýeňijisi boldular

Lebap welaýatynyň oglanlar we gyzlar ýygyndysy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Ýörite olimpiada milli merkezi tarapyndan paýtagtymyzda sportuň 3×3 basketbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Her haýsynda bäş türgen bolan ýygyndylarymyzy Türkmenabat şäherindäki 2-nji we 4-nji kömekçi mekdep-internatlarynyň 9-njy synp okuwçylary we bu bilim ojaklaryny birki ýyllykda tamamlan ýetginjekler düzdüler.
Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky döwrebap sport mekdepleriniň birinde geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň ýygyndy toparlaryndan başga-da, Ahal, Balkan we Mary welaýatlaryndan türgenler gatnaşdylar. Biziň türgenlerimiz oglanlaryň arasynda-da, gyzlaryň arasynda-da üstünlikli çykyş edip, Balkan welaýatynyň ýygyndylary bilen final duşuşygyny geçirmäge hukuk gazandylar. Aýgytlaýjy duşuşyklarda bolsa oglanlarymyz 6:1, gyzlar bolsa 3:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, bu ýaryşyň çempiony bolmagy başardylar. Türgenlerimizi ýaryşa Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Pälwannazar Ýakubow bilen welaýat merkezindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi Zarima Sultanowa taýýarlady. Ýakyn geljekde türgenlerimiziň milli ýygyndymyzyň hatarynda ýörite olimpiaçylaryň arasynda geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşmagyna garaşylýar.