2025-2026-njy okuw ýyly üçin Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatlarynyň düzümine zehinli türgenleri saýlap-seçip almak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 15-nji marty — 20-nji apreli aralygynda ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde erkin we grek-rim göreşleri, dzýudo, sambo, boks we agyr atletika boýunça saýlama ýaryşlary geçirilýär.
Bu ýaryşlara ýurduň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden sportuň görnüşleri boýunça degişli derejesi bolan, 2012-nji ýylda doglan türgenlere rugsat berilýär.
Saýlama ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenler Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatlarynda geçiriljek jemleýji saýlama ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Habarlaşmak üçin Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň telefon belgileri: 8422 3-94-10; 8422 3-86-56.
Lebaply ýetginjekler Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatlaryna okuwa çagyrylýar

10
Mar