SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply ýeňil atletikaçylar Türkmenistanyň birinjiliklerinde üstünlikli çykyş etdiler

Aşgabat şäherinde ýeňil atletika boýunça 2005 — 2006, 2007 — 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda guralan ýaryşlarda Lebap welaýatynyň topary birinji orna eýe boldy. Toparyň düzüminde türkmenabatly, dänewli, çärjewli we köýtendagly türgenler çykyş etdiler.

Dürli aralyklara ylgamak, uzynlygyna bökmek boýunça we estafeta ýaryşlarynda lebaply ýeňil atletikaçylar baýrakly orunlaryň 26-syna mynasyp boldular. Ýaryşa türgenleri tälimçiler Ildar Hojaýew, Sabina Sultanowa, Atajan Durdyýew, Çary Açilow taýýarladylar. Ýeňijiler degişli diplomlar we medallar bilen sylaglanyldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: