JEMGYÝET

Lebaply ýazyjy şahyrlar Medeniýet hepdeliginde çykyş edýärler

Düýn Arkadag şäherinde dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Lebap welaýatynyň ýazyjy-şahyrlary «Arkadag şäheri ― bagtyň şäheri» atly şygyrýet agşamyna gatnaşdylar. Agşamyň çäginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Baýram Akadow Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgusy bilen çykyş etdi. Şeýle hem Dänew etrabynyň ýaşaýjysy, ýaş şahyr Zergül Ylýasowa Daşoguz welaýatyndan mugallym Jennet Begmyradowa bilen bilelikde döreden aýdyşyk goşgusyny okap berdi. Lebaply ýazyjy şahyrlaryň çykyşlary Medeniýet hepdeliginiň çäklerindäki dabaralara gatnaşyjylarda aýratyn uly täsir galdyrdy.

Şu günüň birinji ýarymynda bolsa hepdeligiň çäklerinde ýurduň žurnalistleriniň we döredijilik işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Lebap welaýaty boýunça habarçysy, şahyr Agamyrat Soltanow çykyş etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: