Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna hem-de şahyr Mämmet Seýidowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, «Halypa şahyrlara hormat» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Görnükli söz ussatlaryny sarpalamak maksady bilen guralan çäre edebiýat söýüjileri bir ýere jemledi. Şahyrlaryň döreden eserleri milli şygryýetimiziň ösüşi üçin uly goşant bolup durýar.
Çäräniň çäklerinde Gara Seýitliýewiň we Mämmet Seýidowyň goşgulary labyzly okaldy, olaryň eserlerine döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi bolsa aýratyn hormat-sarpanyň, ruhubelentligiň nyşanyna öwrüldi.
Duşuşyga gatnaşyjylar şahyrlaryň ömür we döredijilik ýoly barada söhbet edip, olaryň döreden eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde, medeni gymmatlyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedigini bellediler.
Bu çärelere Lebap welaýatynyň ýazyjy-şahyrlary hem gatnaşdylar.
Lebaply ýazyjy-şahyrlar M.Seýidowyň we G.Seýitliýewiň ýubileý dabaralaryna gatnaşdy

26
Jun