Lebaply ýaşulularyň üçüsine Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulysy» diýen ady dakyldy.
Döwlet Baştutany degişli resminama 19-njy sentýabrda gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepguly Meretgulyýewiç Öwezow, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýkuly Babakulyýewiç Ereşow we Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginiň Çandyr obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kurbanbaý Rozybaýew dagylar bu hormatly adyň eýeleri boldular.
Lebaply ýaşulularyň üçüsine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulysy» diýen at dakyldy
22
Sep

