Lebaply ýaşlaryň 7-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna myansyp boldular. Bu barada «Nesil» gazeti habar berýär.
Baýraga Lebap welaýatyndan mynasyp bolan ýaşlar:
Bahar Baýmyradowa — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Halyl Akyýew — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Eneş Permanowa — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat teleradio studiýasynyň administratory.
Oguljeren Sadykowa — Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň medeniýeti öwreniş mugallymy.
Merjen Hydyrowa — Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.
Gülälek Batyrowa — Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.
Selbi Şirowa — Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy.
Lebaply ýaşlaryň 7-si Ýaşlar baýragynyň eýesi boldular
18
Nov
