BILIM

Lebaply ýaşlaryň 28700-si mekdeplerden uçurym boldy

Şu gün — 25-nji maýda Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde geçirilen «Soňky jaň» dabaralarynda 28 müň 700 okuwçy mekdep ýyllaryny tamamlap, uçurym boldy. 2025 — 2026-njy okuw ýylynda welaýatdaky orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 397-sinde okuwçylaryň 338 müňe golaýyna bilim berildi. Şu okuw ýylynyň başynda Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Begaryk obasynda 400 orunlyk täze mekdep ulanmaga berildi.
Okuw ýylynyň dowamynda Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary dürli ders, ylmy-taslama we döredijilik bäsleşiklerine gatnaşdylar. Şu ýyl welaýatdan 11 — 12-nji synp okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 68 baýrakly orna mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Halaç we Dänew etraplarynyň okuwçylary döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde netijeli çykyş etdiler.