Lebaply ýaşlarymyz üçin programma üpjünçilikleri boýunça bäsleşik
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, hormatly Prezidentimize wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlarda täze, döwrebap tehnologiýalaryna erk etmek endiklerini ösdürmek hem-de ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary innowasiýa taslamalaryna höweslendirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 17-18-ine Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilelikde “IСT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasion taslamalar boýunça bäsleşik geçirýär. Bäsleşik 7 ugur boýunça geçirilip, olara birnäçe görkezijiler boýunça baha berler.
Bäsleşigiň doly düzgünnamasy Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň web sahypasynda, ýagny tdei.edu.tm sahypasynda tanyşyp,online hasaba alynmalydyr.
YHTYÝAROW Diýar,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi