BILIM

Lebaply ýaşlara Malaýziýada talyp hakly okamaga mümkinçilik dörediler

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy 2026-njy okuw ýyly üçin «Malaysian Technical Cooperation Programme (MTCP) Scholarship» atly halkara talyp haky maksatnamasyna resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi. Bu täzelik ýurdumyzyň bilimli ýaşlary, hususan-da halkara derejesinde ylymlaryny kämilleşdirmek isleýän lebaply talyplar üçin täze we giň mümkinçilikleri açýar. Malaýziýanyň Hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýän bu maksatnama, talyplara agzalýan ýurduň döwlet uniwersitetlerinde magistratura programmalary boýunça ýokary hilli bilim almaga ajaýyp şert döredýär.
Halkara bilim maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar şu ýylyň 12-nji iýunyna çenli kabul edilýär. Okuwlaryň dowamlylygy saýlanyp alnan ugra we maksatnama görä 24 aýdan 36 aýa çenli bolup biler. Isleg bildirýän ýaşlar degişli resminamalaryny sanly ulgam arkaly, maksatnamanyň resmi internet saýtyndan tabşyryp bilerler. Şeýle halkara hyzmatdaşlygyň çäginde döredilýän mümkinçilikler, ýaş hünärmenlerimiziň dünýä tejribesini öwrenmeklerine hem-de geljekde sebitimiziň we tutuş ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna ýardam eder.