BILIM

Lebaply ýaşlar startap bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwletimizin hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly startap bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşige orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ýokary
okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlar, telekeçiler, startap toparlary, innowasion pikirleriň awtorlary, maglumat tehnologiýalary we täzeçilik ugurlary boýunça hünärmenler gatnaşyp bilerler. Işleriň kabul edilmegi 22-nji oktýabra çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetinde amala aşyrylýar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 25-nji noýabrda geçiriler. Taslamalara innowasiýalylyk, durmuş-ykdysady ähmiýet, durmuşa geçirilişi, işewürlik nusgasy, toparlaýyn iş we tanyşdyryş derejesi boýunça baha berler. Netijede iň oňat 6 taslamanyň awtory ýeňiji diýlip yglan ediler, olaryň arasynda birinji, ikinji we üçünji orunlar kesgitleniler. Ýeňijiler Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanarlar. Şeýle hem tapawutlanan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin maýadarlary çekmekde ýardam berler.