BILIM

Lebaply ýaşlar Russiýada geçiriljek halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary we talyplary 2025-nji ýylda geçiriljek
Russiýanyň açyk ýaşlar suw bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada
Russiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Bu bäsleşik «Ekologiýa taslamalarynyň konsaltingi instituty» guramasy tarapyndan her ýyl geçirilip gelinýär.
Bäsleşigiň maksady Russiýa Federasiýasynyň we beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň
mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň daşky gurşawy goramak boýunça gözleg we taslama işlerine goldaw bermekden ybaratdyr.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň hödürlejek taslamalary ekoulgamlary gorap saklamaga, daşky gurşawy gowulaşdyrmaga gönükdirilen ylmy we amaly çözgütleri özünde jemlemelidir.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Russiýanyň açyk ýaşlar suw bäsleşiginde
ilkinji gezek türkmenstanly talyp ýeňiji bolupdy.
Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutmalar 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli
kabul ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: