BILIM

Lebaply ýaşlar Malaýziýada okamaga çagyrylýar

«PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy 2026-njy okuw ýyly üçin Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan «Universiti Teknologi PETRONAS» uniwersitetine girmek maksady bilen «Block-I Education Sponsorship» bilim maksatnamasyna arzalary kabul edip başlady. Bu mümkinçilikden Lebap welaýatynyň 17—25 ýaş aralygyndaky, durmuşa çykmadyk ýa-da öýlenmedik, orta mekdebi himiýa, fizika we matematika derslerinden ýokary bahalar bilen tamamlan ýaşlary peýdalanyp biler. Dalaşgärleriň iňlis dilini IELTS-den azyndan 5.0 ýa-da TOEFL iBT-den 50 derejesinde bilmegi, şeýle hem beýleki ýokary okuw mekdeplerinde okamadyk bolmagy talap edilýär.
Maksatnama himiýa we nebit inženerçiligi, raýat gurluşygy, kompýuter we elektrotehniki inženerçilik, maşyngurluşyk, maglumat tehnologiýalary, nebit geologiýasy hem-de birleşdirilen inženerçilik ugurlaryny öz içine alýar. Saýlama işleri ýazmaça synagdan we iňlis dili derejesine, tankydy pikirlenişine hem-de ukybyna baha berilýän söhbetdeşlikden ybarat iki tapgyrda geçirilýär. Resminamalar Aşgabat şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý, «B» blok salgysynda ýerleşýän kompaniýanyň edara binasynda duşenbe—anna günleri sagat 14:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Arzalar 2026-njy ýylyň 13-nji fewralyna çenli tabşyrylmaly bolup, goşmaça maglumatlary (+99312) 39-80-00 telefon belgisi arkaly alyp bolýar.