Lebaply ýaşlar halkara olimpiadalara gatnaşmaga çagyrylýar
Şu ýylyň fewral-mart aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler. Bu çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.
Habar berilşi ýaly, 28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dil ― hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty geçiriler. 10-15-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny, 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Maslahatlara we olimpiadalara ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, RF-niň, ABŞ-nyň, HHR-iň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Awstriýanyň, GFR-iň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki döwletleriň abraýly bilim ojaklarynyň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.