BILIM

Lebaply ýaşlar emeli aň boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Emeli aň ugry boýunça «AI Product Hackathon» atly hakaton bäsleşigi geçirilýär. Ony geçirmegiň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndan emeli aň ugry boýunça döreýän meseleleri ýüze çykarmaga, bu meseleler üçin döwrebap çözgütleri işläp taýýarlamaga ukyply ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Hakaton bäsleşiginiň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika instituty çykyş edýär.
Hakatonyň resmi saýty – bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutmak we ýazylmak üçin zerur bolan
maglumat çeşmeleri institutyň Internet ulgamyndaky  resmi http://itit.edu.tm Web saýtynda
ýerleşdirilýär.
Hakaton 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 27-sinede geçirilýär.
Gatnaşmak üçin isleg bildirýänleriň sanawyny basleshikttweii@gmail.com elektron poçtasyna ugratmalydyrlar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Hasaba almak 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 10-nda başlanyp, fewral aýynyň  25-ne tamamlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: