Halaç etrabynyň nah ýüplük egriji fabriginde öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagynda işgärleriň hünär başarnyklary möhüm orun eýeleýär. Fabrikde pagta süýümi ýörite enjamlar arkaly arassalanandan soň, «Trüt AS», «Rieter SBD-10» we «Rieter SBD-15» ýaly lentalaýjy enjamlarda işlenýär. Çylşyrymly önümçilik tapgyrlarynyň ählisinde işleýänler bolsa türkmen oglan-
gyzlarydyr. Fabrikde 200-den gowrak gelin-gyz ussatlyk bilen zähmet çekip, ýokary tehnologiýaly enjamlara erk edýärler.
Kärhananyň iş depginleriniň ýokarydygyny görkezýän faktlaryň biri hem sekiz aýda meýilnamanyň artykmajy bilen ýerine ýetirilmegidir. Hasapçy hünärmen Enejan Rozyýewanyň maglumatyna görä, sekiz aýyň dowamynda 2826 tonna ýüplük öndürilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň
mümkinçilikleriniň giňdigini we ýaş hünärmenleriň ösüşlere mynasyp goşant goşýandygyny görkezýär.
Lebaply ýaşlar döwrebap enjamlarda üstünlikli işleýärler
29
Aug
