BILIM

Lebaply ýaşlar döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

«Nesil» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň düzgünnamasy «Nesil» gazetiniň 28-nji oktýabrdaky sanynda çap edildi.
Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary — publisistik makalalary, hekaýalary, goşgulary ýazmak boýunça geçirilýär. Oňa gatnaşyjylar ýurtda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, hemişelik Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän döredijilik eserlerini 2025-nji ýylyň 10-njy dekabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportyň nusgasy, 2 sany 3×4 ölçegdäki fotosurat, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.
Bäsleşige hödürlenen döredijilik eserleriniň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.
Bäsleşigiň jemleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2025-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilik eserleri üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.