BILIM

Lebaply ýaşlar dil we edebiýat bäsleşiginde öňe saýlandy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan türkmen dili we edebiýat dersi boýunça geçirilen bäsleşikde Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Okuwçylaryň arasynda 10-njy synplarda Farap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Çynar Ergeşowa, 12-nji synplaryň arasynda bolsa şol etrapdaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Dinara Rahymowa birinji orunlary eýelediler.
Talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň birinji derejesinde guramaçy ýokary okuw mekdebiň talyby Aýşirin Işanowa ýeňiji boldy. Ikinji derejede, ýagny hünäri türkmen dili we edebiýat bolmadyk talyplaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýokary okuw mekdebiniň hytaý dili hünäriniň talyby Aýlara Begenjowa hem-de mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň talyby Aknur Annaýewa birinji orny eýelediler. Bäsleşige beýleki welaýatlardan hem gatnaşan ýaşlar öňdäki orunlara mynasyp boldular.