Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ýelena Işankulyýewanyň ýol görkezmesi bilen taýýarlan zehinli okuwçylar halkara derejesinde uly üstünlik gazandylar. Bu mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aziza Bäşimowa Moskwa şäherinde geçirilen «Dünýäniň çagalary: Dostlaşmagyň döwri!» atly halkara bäsleşige parahatçylygy ündeýän «Geliň, dostlaşalyň!» atly suraty bilen gatnaşyp, dünýäniň 70-e golaý ýurdunyň ýaş suratkeşleriniň arasynda baş baýragy alyp, ýurdumyzyň abraýyny ýokary galdyrdy. Şeýle hem mugallymyň başga dört okuwçysy Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen «Dostlugyň säheri» atly VII halkara sungat bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Bu üstünliklere bagyşlanyp, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, sungat işgärleri, mugallymlar, talyplar we ata-eneler gatnaşdylar. Dabarada ýaş suratkeşleriň gazanan üstünliklerine ýokary baha berlip, olaryň döredijiliginiň parahatçylyk, ynsanperwerlik we dostluk ýörelgelerine laýyk gelýändigi nygtaldy. Yhlasly zähmeti üçin Ýelena Işankulyýewa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Lebaply ýaş zehinler halkara bäsleşikleriň diplomlaryna eýe boldular
20
Nov
