Aşgabat şäherinde 10 — 11-nji aprel aralygynda 2009 — 2011-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň, şeýle hem 2007 — 2008-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşda Lebap welaýatynyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, 27 birinji, 15 ikinji we 8 üçünji orna mynasyp boldy. Bu netije lebaply ýaş türgenleriň ýaryşa ýokary derejede taýýarlykly gelendigini görkezdi.
Ýaryşyň dowamynda Arslan Baýlyýew oglanlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamakda finalda Ahal welaýatynyň wekilinden üstün çykyp, birinji orny eýeledi. Timur Merdanow bolsa 400 metr we 200 metr aralyklarda ynamly ýeňiş gazandy. Bu iki türgen maý aýynyň ortalarynda Daşkent şäherinde geçiriljek 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Lebaply türgenleriň hatarynda Aziza Atahanowa 1500 metr aralyga ylgamakda, Tawus Gapurjanowa bolsa 3000 metr aralykda ýeňiji boldy. Olar hem Özbegistanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem Farhat Hallyýew üçürdikläp bökmekde, Lälegül Seýtiýewa ýadro iteklemekde, Darina Kapranowa päsgelçilikli ylgawda tapawutlanyp, ýeňijileriň hataryna goşuldylar.
Ýaryşda ýetginjek türgenleriň arasynda çykyş eden Muhammetali Gapurov hem uzynlygyna bökmekde birinji orny eýeläp, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. 400 we 800 metr aralyklarda ýeňiji bolan Perman Döwrangeldiýew hem ýokary netije görkezdi. Ol maý aýynyň ahyrynda Gonkongda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin ätiýaçdaky türgenleriň sanawyna girizildi.
Bu birinjilik lebaply türgenleriň üstünlikli çykyşlary bilen birlikde, eminlik işiniň ýokary derejede alnyp barylmagy bilen hem tapawutlandy. Ýaryşyň baş emini hökmünde Türkmenabat şäherinden bolan, Lebap welaýatynyň ýeňil atletika boýunça baş tälimçisi, 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ildar Hojaýew iş alyp bardy. Onuň eminlik işi ýokary baha mynasyp boldy.
Lebaply ýaş ýeňil atletikaçylar Türkmenistanyň birinjiliginde ynamly ýeňiş gazandylar
13
May

