TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply ýaş ýangynç söndürijiler döwlet bäsleşiginde ikinji orny eýelediler

Mary welaýatynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda ýangyn amaly sport bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan toparlaryň agzalary gatnaşdylar. Lebap welaýatyna Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň topary wekilçilik etdi.
Ýaşlaryň watansöýüjilik, maksada okgunlylyk, merdanalyk ýaly häsiýetlerini has-da kämilleşdirmek,
olarda döwlet we şahsy emläkleri gorap saklamak, bu ugurlarda ýangyn söndürmek endiklerini ele almak babatda ähmiýetli bolan bu bäsleşikde welaýatymyzyň toparynyň agzalary üstünlikli çykyş etdiler. Olar ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralygy geçmekde, şeýle-de estafeta ylgawy — ýangyn söndüriji enjamlary ýüzugruna ulanyp, 400 metr päsgelçilikli aralyga ylgamakda özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. Gyzykly we ýiti häsiýetde geçen bäsleşigiň jemi boýunça Lebap welaýatynyň topary ikinji orna mynasyp boldy. Bu üstünlikde ýokarda ady agzalan bilim ojagynyň ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň mynasyp paýy bar. Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň ýangynyň öňüni almak, onuň garşysyna göreşmek endiklerini ele almaklarynda ähmiýetlidir. Şunuň ýaly möhüm işler okuw ýylynyň bütin dowamynda maksatlaýyn alnyp barylýar.