Lebaply ýaş suratkeşler döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri boldular
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň ýörite sungat mekdepleriniň talyplarynyň we çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen bu bäsleşige zehinli ýaşlaryň döreden 250-den gowrak nakgaşçylyk we grafika eserleri hödürlenildi.
Bäsleşige Lebap welaýatyndan zehinli okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň 20-ä golaýy öz döreden eserleri bilen gatnaşdy. Bäsleşige hödürlenilen eserleriň sergisine tanymal suratkeşler — Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň we beýleki halypa sungat işgärleriniň gatnaşyp, bu inçe sungatyň syrlary barada gymmatly maslahatlaryny bermekleri ýaşlar üçin döredijilik mekdebine öwrüldi.
Bäsleşik çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda nakgaşçylyk, ýörite sungat
mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bolsa iki ugur, ýagny, nakgaşçylyk we grafika eserleri boýunça geçirildi. Ýurdumyzyň ähli künjeginden zehinli suratkeş ýaşlary jemlän bu bäsleşigiň grafika ugry boýunça baýrakly orunlaryň ählisine welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary mynasyp boldular. Has takygy, mekdebiň nakgaş mugallymy Alymjan Işankulyýewden tälim alýan 3-nji ýyl talyplary Aýjemal Şerbaýewa «Nepisligiň ussadydyr eneler» diýen eseri bilen 1-nji, Bägül Bazarowa «Zemin eneleriň aýasynda» atly işi bilen 2-nji, Adylhan Şeripow «Ene dogasy» triptihi bilen 3-nji orna hem-de Merdan Atajanowdan tälim alýan bu mekdebiň 3-nji ýyl talyby Bibijan Emirkulyýewa «Parahat ýurdum» atly eseri bilen 3-nji baýrakly orna eýe boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem bu bäsleşikde welaýatyň ýörite sungat mekdebiniň Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýewden tälim alýan 1-nji ýyl talyby Aýna Rejepowa «Ene hüwdüsi» diýen işi bilen bilen gatnaşyp, höweslendiriji baýraga, Hormat hatyna mynasyp boldy.