Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiçi» adyndaky halkara ýaryşda welaýatymyzyň ýaş pälwanlary üstünlikli çykyş etdiler. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde göreşen lebaply türgenler baýrakly orunlara mynasyp bolup, halkara giňişlikde ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterdiler.
Ýaryşyň grek-rim göreşi boýunça 51 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Rejep Joraýew ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. Erkin göreş boýunça 71 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň okuwçysy Mekan Hudaýberenow üstünlikli çykyş edip, kümüş medal gazandy.
Iri halkara ýaryşa erkin göreş boýunça 16 döwletden 114, grek-rim göreşi boýunça bolsa 74 türgen gatnaşdy. Şeýle güýçli bäsdeşlik şertlerinde türkmenistanly ýaş pälwanlaryň, şol sanda lebaply türgenleriň gazanan üstünlikleri aýratyn buýsanç döredýär.
Lebaply ýaş pälwanlar Rumyniýadan goşa medal bilen dolandylar
26
Apr

