Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan fizika dersi boýunça geçirieln ders bäsleşiginde ikinji we üçünji orunlaryň birnäçesini eýelediler.
Bäsleşigiň eminleri bu ders boýunça birinji orny 10-njy, 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň her haýsyndan birine berdiler. Şunda Mary, Ahal we Daşoguz welaýatlaryndan gatnaşan ýaş zehinler bäsleşigiň ýeňijisi boldular.
Umumylykda, 10-njy synp okuwçylarynyň 6-sy, 11-nji synplaryň 10-sy, şu ýyl mekdepden uçurym boljak ýaş zehinleriň bolsa 6-sy bäsleşigiň baýrakly orunlaryny eýelediler.

