BILIM

Lebaply ýaş ekologlaryň üçüsi Mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilen bäsleşikde öňe saýlandy

Köýtendag etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şatlyk Ylhamow, Türkmenabat şäheriniň 30-njy mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Malika Hamraýewa we welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Şöhrat Ýangibaýew Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ekologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşikde birinji orny eýelediler.
Bäsleşikde welaýatymyzyň dürli etrap-şäherlerinden gatnaşan zehinli ýaşlaryň başga-da köp sanlysy ikinji we üçünji orunlary eýelediler.