BILIM

Lebaply ýaş döredijileriň üçüsi döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Mährijemal Nowruzowa bilen Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy Serdar Açylow Türkmenisyanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji boldular. Lebaply ýaş şahyrlaryň bäsleşige hödürlän eserleri üçünji orna mynasyp görüldi.
Şeýle hem bäsleşikde Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysy Zilola Jobarowa höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.
Bäsleşige türkmenistanly ýaşlaryň 100-den gowragy öz eserlerini hödürlediler. Olaryň 32-si bäsleşigiň ýeňiji boldy. Ýeňijileriň baýragy Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda gowşuryldy.