BILIM

Lebaply ýaş alymlaryň bäşisi döwlet bäsleşiginde ýeňiji boldular

Lebaply ýaşlaryň bäşisi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2025-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen olar aşakdaky orunlary eýelediler we degişli sowgatlar bilen sylaglandylar.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň aspiranty Dinmuhammet Tekäýew (1-nji orun — noutbuk);
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Enwer Nazargulyýewiç Meredow (2-nji orun — kompýuter);
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Gadam Guwanjowiç Amanow (2-nji orun — kompýuter);
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nabat Janmyradowa (3-nji orun — telewizor);
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigy bilimleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jennet Begenç gyzy Aýtlyýewa (1-nji orun — noutbuk).