BILIM

Lebaply ýaş alymlar döwlet bäsleşiginde ýeňiji boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň altysy Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri boldy.

Has takygy, bäsleşikde bu baýry ýokary okuw mekdebiniň geografiýa we ony okatmagyň ususlyýeti kafedrasynyň mugallymy Rasul Toýmuradow biirnji orna mynasyp boldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuter sowgat berildi.

Bu baýry ýokary okuw mekdebiniň takyk bilimleri fakultetiniň 2-nji talyby Allanazar Şatlykow, şol fakultetiň 5-nji ýyl talyby Feruz Atamuradowa dagylar ikinji orna we telewizor baýragyna mynasyp boldular.

Institutyň biologiýa we ony okatmagyň ususlyýeti kafedrasynyň mugallymy Aýjahan Weljanowa, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Haýdar Kadyrow we pedagogika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ogultumar Ýazmyradowa üçünji orny eýeläp, döwlet Baştutanynyň adyndan telewizor bilen sylaglanyldy.

Şu ýyl bäsleşikde ýaş alymlaryň 107-si baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: